Işaýa 25

25‑nji bap

Rebbe öwgi

1 Ýa Reb, Sensiň meniň Hudaýym!

Seni arşa çykararyn,

alkyşa beslärin adyňy,

çünki Sen ajaýyp işler etdiň,

owaldan karar etdiň,

kämil sadyklyk bilen.

2 Sen şäheri daş üýşmegine,

diwarly şäheri harabalyga öwürdiň;

kesekileriň köşkleri bolan şäherleri ýok etdiň,

olar bina edilmez asla.

3 Şonuň üçin güýçli halklar şöhratlandyrar Seni;

ýowuz milletleriň şäherleri Senden gorkarlar.

4 Sen ýoksullara pena,

mätäçlere mätäçliginde pena bolduň,

tupandan goraýan gaçybatalga,

yssydan goraýan kölege bolduň.

Rehimsizleriň gaharly demi

diwara urulýan tupan kimin,

5 gurak ýerdäki yssy kimindir,

kesekileriň galmagalyny ýatyrarsyň;

bulut kölegesi bilen

yssyny basyşyň kimin,

ýowuzlaryň aýdymy-da ýatyryldy.

Rebbiň taýýarlan meýlisi

6 Hökmürowan Reb

bu dagda ähli halklar üçin

bol iýmitli, sap şeraply,

ýilikli, bol etden,

süzülen sap şeraply meýlis gurar.

7 Bütin halklary örten örtügi,

ähli milletleriň üstündäki ýapynjany

bu dagdan ýok eder.

8 Ölümi ebedilik ýuwudar Ol;

gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb,

halkynyň utanjyny

bütin ýer ýüzünden

aýrar Ol.

Muny Reb aýdýandyr.

9 Şol gün şeýle diýler:

«Ine, Hudaýymyz budur,

biz Oňa umyt bagladyk,

Ol bizi halas etdi.

Biziň umyt baglan Rebbimiz budur;

halas bolanymyz üçin

begeneliň, şatlanalyň!»

10 Rebbiň eli bu dagda bolar,

dersli çukurda samanyň depelenişi kimin

mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar.

11 Ýüzüjiniň ýüzjek bolup, ellerini galgadyşy kimin,

olar-da onuň içinde ellerini galgadarlar;

emma Hudaý elleriniň ussatlygyna garamazdan,

olaryň tekepbirlerini peselder.

12 Ýer bilen ýegsan ediler,

diwarlaryndaky berkitmeler.

©