Işaýa 12

12‑nji bap

Alkyş we öwgi

1 Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz:

«Ýa, Reb Saňa şükür ederin,

Sen bize

gaharlanan hem bolsaň,

gaharyň sowuldy,

teselli berdiň bize Sen.

2 Elbetde, Hudaý Halasgärimdir,

Oňa bil baglaryn, gorkmaryn men,

çünki Reb ýeke-täk güýjümdir, aýdymymdyr,

Ol meniň Halasgärim boldy».

3 Şatlyk bilen guýulardan suw çekişiňiz deý,

şatlyk bilen-de halas edilersiňiz.

4 Şeýle diýersiňiz şol gün:

«Rebbe şükür ediň,

Onuň adyna öwgüler aýdyň;

milletleriň arasynda

Onuň işlerini aýan ediň,

Adynyň beýikdigini jar ediň.

5 Rebbe öwgüler aýdyň,

Ol beýik işler etdi;

ýer ýüzi bilsin muny!

6 Eý, Sion halky,

heşelle kak, gygyr!

Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»

©