Hoşeýa 1

1‑nji bap

1 Ýahudada Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň hem Hizkiýanyň, Ysraýylda Ýehowaş ogly Ýarobgamyň patyşalyk eden döwründe, Beýeriniň ogly Hoşeýa Rebbiň sözi aýan boldy.

Ysraýyl biwepalyk edýär

2 Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy:

Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen.

Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer.

Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.

3 Onsoň Hoşeýa gidip, Diblaýymyň gyzy Gomere öýlendi. Ol göwreli bolup, Hoşeýa üçin bir ogul dogurdy. 4 Reb oňa aýtdy:

«Ogluň adyna Ýizregel dak,

çünki az wagtdan Ýizregeliň gany üçin,

Ýehunyň nesline jeza bererin,

Ysraýyl patyşalygyny tamamlaryn.

5 Şol gün Ýizregel deresinde

Ysraýylyň ýaýyny döwerin».

6 Gomer ýene-de göwreli bolup, gyz dogurdy.

Reb Hoşeýa aýtdy: «Gyzyň adyna Loruhama dak,

çünki mundan buýana Ysraýyl öýüne rehim edip günälerini geçmerin.

7 Ýahuda öýüne welin rehim ederin.

Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de,

özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».

8 Gomer Loruhamany süýtden aýransoň, göwreli bolup, ogul dogurdy. 9 Reb Hoşeýa şeýle diýdi:

«Adyna Logammy dak.

Çünki siz-ä Meniň halkym däl,

Menem siziň Hudaýyňyz däldirin.

Ysraýyl Hudaý bilen ýaraşýar

10 Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz

we möçbersiz köp bolar.

Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde,

„siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.

11 Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer,

özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler.

Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».

©