Ýewreýler 1

1‑nji bap

Ogul perişdelerden üstündir

1 Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi. 2 Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi. 3 Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy. 4 Şeýlelikde, Oglunyň perişdelerden üstün bolşy ýaly, Oňa berlen at hem perişdeleriňkiden üstün boldy.

5 Eýsem Hudaý perişdeleriň haýsy birine: «Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men Saňa Ata boldum» ýa-da «Men Oňa Ata, Ol bolsa Maňa Ogul bolar» diýipdir? 6 Hudaý ýeke-täk Ogluny dünýä iberende: «Goý, Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsinler!» diýdi. 7 Hudaý perişdeler hakda: «Men perişdelerimi ýel edýärin, hyzmatkärlerimi ot-alaw edýärin» diýýär. 8 Emma Ogla şeýle diýýär:

«Eý, Hudaý, Seniň şalygyň dowam eder baky ebedi,

Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.

9 Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň pisligi.

Şonuň üçin Men Hudaý, Seniň Hudaýyň,

Seni ýoldaşlaryň içinden seçip-saýladym,

başyňa şatlyk ýagyny guýdum».

10 Ogla ýene-de şeýle diýýär:

«Ýa Reb, Sen gadymyýetde ýeriň binýadyn tutduň,

gökler hem Seniň elleriňiň işidir.

11 Olar ýitip gider, Sen bolsa dowam edersiň,

olar köne eginbaş kimin dargap giderler.

12 Sen olary köýnek kimin düýrlärsiň;

olar tozup gidýän eginbaş kimin çalşyrylar.

Emma Sen hiç haçan üýtgemersiň,

soňy ýokdur Seniň ýyllaryň».

13 Hudaý haýsy perişdä:

«Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,

Meniň sagymda otur» diýipdir?

14 Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.

©