Gelip çykyş 25

25‑nji bap

Ybraýymyň ölümi

1 Ybraýym ýene-de Ketura atly bir aýala öýlendi. 2 Ketura Ybraýyma Zimrany, Ýokşany, Medany, Midýany, Ýişbaky we Şuwany dogrup berdi. 3 Ýokşandan Şeba we Dedan doguldy. Dedandan aşurlar, latuşlar we lagumlar döredi. 4 Midýanyň ogullary: Eýpa, Eper, Hanok, Abyda we Eldaga. Bularyň hemmesi Keturanyň nesilleridi.

5 Ybraýym özüniň ähli emlägini Yshaga berdi. 6 Gyrnak aýallaryndan bolan ogullaryna bolsa Ybraýym özi dirikä sowgatlar berip, olary Yshakdan aýryp, gündogar topragyna iberdi.

7-8 Ybraýym ýüz ýetmiş bäş ýyl ömür sürüp, garrap, öz durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy. 9-10 Ogullary Yshak bilen Ysmaýyl Ybraýymy Makpela gowagynda, het Soharyň ogly Epronyň mülkünde, Mamräniň gündogarynda ýerleşýän Ybraýymyň hetlerden satyn alan ýerinde jaýladylar. Şunlukda, Ybraýym bilen onuň aýaly Sara ikisi-de şol ýerde jaýlandy. 11 Ybraýym ölenden soň Hudaý onuň ogly Yshagy ýalkady. Yshak Beýer-lahaýroýyň golaýynda düşledi.

Ysmaýylyň nesilleri

12 Ybraýymyň aýaly Saranyň Hajar atly müsürli gyrnagy bardy. Ybraýymyň bu gyrnak aýalyndan bolan ogly Ysmaýylyň nesilleri şulardyr. 13-15 Uludan kiçä Ysmaýylyň ogullarynyň atlary şunuň ýalydyr: nowbahar ogly Nebaýot, soňra Kedar, Adbeýel, Mibsam, Mişma, Duma, Masa, Hadat, Teýma, Ýetur, Napyş we Kedema. 16 Şular Ysmaýylyň nesilleriniň obalaryna we düşelgelerine görä atlarydyr. Olar on iki tirebaşydyrlar. 17 Ysmaýyl ýüz otuz ýedi ýyl ömür sürüp, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy. 18 Ysmaýylyň nesilleri Aşur tarapda, Müsüriň golaýynda, Hawyladan Şura çenli bolan aralykda ýaşadylar. Olar Ybraýymyň beýleki nesillerinden aýra ýaşadylar.

Ysaw we Ýakup

19 Ybraýymyň ogly Yshagyň nesilleri şulardyr. 20 Yshak Rebeka öýlenende, ol kyrk ýaşyndady. Rebeka Padanaramdaky mesopotamiýaly Betuweliň gyzy, mesopotamiýaly Labanyň aýal doganydy. 21 Rebekadan perzent önmeýärdi. Yshak aýaly üçin Rebbe dileg etdi. Reb Yshagyň dilegini eşitdi we Rebeka göwreli boldy.

22 Göwredäki ekiz çaga biri-biri bilen itekleşýärdi. Rebeka: «Näme üçin bu ejir meniň başyma düşdi?» diýip, Rebden sorady.

23 Reb oňa şeýle jogap berdi:

«Göwräňde iki millet bar,

senden iki bäsdeş halk dörär.

Biri beýlekisinden rüstem çykar,

ulusy kiçisine gul bolar».

24 Wagty dolup, Rebeka ekiz ogul dogurdy. 25 Olaryň ilkinji doglanynyň ýüzi gyzyl we teni edil possun geýnen ýaly tüýlekdi. Oňa Ysaw diýip at goýdular. 26 Soňra onuň ökjesinden ýapyşyp, ekiz taýy dünýä indi. Şonuň üçinem onuň adyna Ýakup dakdylar. Çagalar doglanda, Yshak altmyş ýaşyndady.

27 Oglanlar ulalyp, Ysaw ökde awçy we meýdan adamy, Ýakup bolsa ýuwaş hem öýdeçi adam bolup ýetişdi. 28 Yshak Ysawy söýýärdi, çünki Yshak onuň getirýän aw etlerini halaýardy. Rebeka bolsa Ýakuby söýýärdi.

29 Günleriň bir güni Ýakup merjimek çorbasyny bişirip ýörkä, Ysaw gaty ýadaw hem aç halda meýdandan geldi. 30 Ol Ýakuba: «Gyzyl, şol gyzyl çorbaňdan maňa-da bersene. Men aç öldüm» diýdi. (Şol sebäpden hem oňa Edom diýip at dakdylar.) 31 Ýakup oňa: «Ilki öz nowbahar ogullyk hakyňy maňa sat» diýdi. 32 Ysaw: «Men açlygymdan ölüp barýaryn, nowbahar ogullyk haky meniň nämäme derkar» diýdi. 33 Ýakup oňa: «Onda ant iç» diýdi. Ysaw ant içip, öz nowbahar ogullyk hakyny Ýakuba satdy. 34 Ýakup Ysawa nan hem gyzyl merjimek çorbasyny berdi. Ysaw iýip-içip bolandan soň, turup gitdi. Ine, şeýdip, Ysaw özüniň nowbahar ogullyk hakyna biperwaý garady.

©