Amos 2

2‑nji bap

1 Reb şeýle diýýär:

«Men Mowaby günä üstüne günä

edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn.

Çünki ol Edom şasynyň

süňküni ýakyp küle öwürdi.

2 Şu sebäpden Mowaba ot ýagdyraryn,

ot Keriýodyň galalaryny ýakyp kül eder.

Gygyryşmakdan we surnaý seslerinden ýaňa,

Mowap halky söweş gykylygynyň içinde öler.

3 Aralaryndaky hökümdaryny ýok ederin,

onuň bilen bile ähli emeldarlaryny öldürerin».

Muny Reb aýdýandyr.

Ýahuda höküm edilýär

4 Reb şeýle diýýär:

«Men Ýahudany günä üstüne günä

edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn.

Çünki Rebbiň kanunyny ret etdiler,

Onuň parzlaryny tutmadylar,

ata-babalarynyň ýalan hudaýlaryň yzyna eýerişi ýaly

indi bular-da olar bilen azdylar.

5 Şu sebäpden Ýahuda ot ýagdyraryn,

ot Iýerusalimiň galalaryny ýakyp kül eder».

Ysraýyl höküm edilýär

6 Reb şeýle diýýär:

«Men Ysraýyly günä üstüne günä

edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn.

Çünki olar dogruçyly kümşe,

mätäji bir jübüt çaryga satýarlar.

7 Pukaralaryň başyny toprak astynda depgiläp,

ezilenleri ýoldan itekläp aýyrýarlar.

Ogly-da, atasy-da bir aýalyňka gidip,

mukaddes adymy harlaýarlar.

8 Her gurbanlyk sypasynyň ýanynda

girew alnan eşikleri ýazyp oturýarlar.

Özleriniň Hudaýynyň öýünde

jerime pula alnan şeraby içýärler.

9 Men bolsa Ysraýylyň öňünden

amorlary ýok etdim.

Boýlary kedr agajy deý uzyn,

dub agajy kimin güýçli bolsa-da,

olaryň ýokardan miwesini,

aşakdan köküni gyrdym.

10 Şeýle-de amor ýurduny eýelemegiňiz üçin,

Men sizi Müsürden çykardym,

çölde kyrk ýyllap ýol görkezdim.

11 Ogullaryňyzdan pygamber çykardym,

ýaş ýigitleriňizi nazyr belledim.

Eý, ysraýyl halky, hakykatdan-da, bu şeýle dälmidir?!»

Muny Men-Reb aýdýandyryn.

12 «Emma nazyr bolana şerap içirdiňiz,

pygamberlere „Pygamberlik etmäň!“

diýip buýruk berdiňiz.

13 Şonuň üçin desseden ýükli araba

topragy nähili owradýan bolsa,

Men-de sizi duran ýeriňizde

edil şonuň ýaly mynjyradaryn.

14 Ýüwrük adam gaçyp bilmez,

güýçli güýç görkezip bilmez,

batyr-da janyny halas edip bilmez.

15 Ýaýçy ornunda berk durup bilmez,

ýüwrük aýakly gaçyp gutulyp bilmez,

atly-da janyny halas edip bilmez.

16 Batyrlaryň iň batyry-da

ol gün ýalaňaç gaçyp gider».

Muny Reb aýdýandyr.

©